Brodweý «Operanyň ruhy» bilen hoşlaşýar

10:2019.04.2023
0
37816

Nýu-Ýorkdaky meşhur Brodweý teatrynda «Operanyň ruhy» atly mýuzikliň iň soňky görkezilişi boldy diýip, «Habar 24» ýazýar.

Şowhun 35 ýyllap, 14 müň gezek tomaşaçylara görkezildi, bu Brodweý üçin rekorddyr. Oňa 20 million adam tomaşa etdi.

Mýuzikl britan kompozitory Endrýu Lloýd Uebberiň iň meşhur eserleriniň biridir, ol sahna eseriniň awtorlaryna bir ýarym milliard dollardan gowrak girdeji getirdi.

Sahna eseriniň görkezilişiniň tamamlanjakdygy 2022-nji ýylda mälim bolupdy. Prodýuserler muny mýuzikliň koronawirus pandemiýasyndan soň düşewüntliliginiň pese gaçandygy bilen düşündirýärler. Sebäbi ondan bäri sahna oýnunyň tomaşaçylarynyň sany hem-de girdejiler azaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň