Şu gün, aprel aýynyň 17-sinden 18-ine geçilýän gije — külli musulman dünýäsinde mübärek Gadyr gijesi. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlag iberdi.
«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen Gutlagda Prezident Serdar Berdimuhamedow:
— Sizi ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan mübärek Gadyr gijesi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şan-şöhratly şu ýylynda-da mukaddes Oraza aýynyň bu keremli gijesiniň haýyr-sahawatynyň we berekediniň milli agzybirligimizi, jebisligimizi, Garaşsyz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn — diýip belleýär.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurtda gönezliginde watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik, halallyk, adalatlylyk, dost-doganlyk, pespällik, sahylyk, päklik, asyllylyk, dogruçyllyk, ýagşylyk ýaly ahlak gymmatlyklary berk orun alan gadymy däp-dessurlar hem-de ýol-ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen halky külli musulman dünýäsi bilen birlikde, kalplaryň tämizlenýän Oraza aýyna hem-de Beýik Allatagala tarapyndan mukaddes Gurhany-Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilip başlanan Gadyr gijesine aýratyn hormat goýýar. Bu aýda, urp-adatlara laýyklykda, öten-geçenler ýagşylykda ýatlanyp, agzaçar sadakalary berilýär, ýurtdaky ähli metjitlerde tarawa namazlary okalyp, Watanyň asudalygynyň, halkyň we bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň bähbidine ýagşy doga-dilegler edilýär.
Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň esasyny düzýän ynsanperwerlik, adalatlylyk, rehimdarlyk däplerinden ugur alnyp, şeýle-de Gadyr gijesiniň hormatyna, jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň günäsi geçilýär. Munuň özi jemgyýetiň agzybirliginiň, bitewüliginiň binýadyny has-da pugtalandyrýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynyň ahyrynda:
— Sizi mukaddes Gurhany-Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilen Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal edýän tagat-ybadatlaryňyz, berýän agzaçar sadakalaryňyz, Garaşsyz Diýarymyzyň berkararlygynyň, rowaçlygynyň hatyrasyna okaýan doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin — diýip ýazýar.