Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Özbek Lideriniň Metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowa enesi Ogulabat Berdimuhamedowynyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi we duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak we ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine ünsi çekdiler.
Bellenilişi ýaly, iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bilelikde geçirýän ikitaraplaýyn çärelerine we duşuşyklaryna oňyn baha berildi. Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, Daşoguz – Şawat serhedindäki «Türkmenistan — Özbegistan serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň» döredilmek, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirilmek we dowam etdirilmek, şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda iki ýurduň Baştutanlary ýakyn günlerde belleniljek Oraza baýramy bilen birek-biregi we ýurduň halkyny gutladylar we iň gowy arzuwlary beýan etdiler.
Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar beripdik.