Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

15:1415.04.2023
0
45171
 Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Surat: president.uz

Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň başynda Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowa ejesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy sebäpli çuňňur.

Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly alnyp barylýan işlere üns çekildi. Taraplaryň nygtaýşy ýaly, ýylyň başyndan bäri Hökümetara toparyň mejlisi, syýasy geňeşmeler, ulag we medeniýet ministrleriniň duşuşyklary, şeýle-de iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly çäreler geçirildi.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda söwda, ykdysadyýet, energetika we suw hojalygy ulgamlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak bilen bagly sowallar boýunça hem pikir alşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-biregi we iki ýurduň halkyny ýetip gelýän Oraza baýramy bilen gutladylar hem-de iň gowy arzuwlary beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň