Soňky habarlar

Arhiw

«Pýotr Welikiý» gämisiniň gezelenjiniň ugry Türkmenistany öz içine alar, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabyna häkim bellenildi, Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde açyk gapylar günleri geçiriler we beýleki habarlar

11:1812.04.2023
0
43088

Türkmenistanda

1. Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty Russiýanyň «Pýotr Welikiý» gämisinde deňiz gezelenç ýoluna girer. Täze gämi üçin meýilleşdirilen ilkinji gezelençler Hazar deňzinde bolar. Syýahatçylar gämi bilen Russiýa, Türkmenistana, Azerbaýjana, Gazagystana we Eýrana baryp bilerler. Şeýle hem geljekde gämi duralgasy öz ugurlarynda Hazaryň portlaryny Azow, Gara we Baltika deňiz portlary bilen birleşdirer.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Mekan Doglotow Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi. Kärizek etraby, Gorjaw etraby bilen bilelikde Arkadag şäheriniň düzümine goşulan täze etrap hökmünde mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen döredildi.

3. 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde we 3-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2023 — 2024-nji okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» günleri geçiriler. Bu günler ýaşlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurtda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler bilen tanşyp bilerler. Mundan başga-da bellenilen günlerde uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde hem «Açyk gapylar» günleri geçiriler.

4. Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň topary Wenada hususy halkara hukugy we halkara täjirçilik arbitražy boýunça bäsleşige gatnaşdy. Bäsleşige dünýäniň dürli künjeklerinden 1100 araçy we 2,5 müňden gowrak talyp gatnaşdy. Türkmen talyplary dilden diňlenişikleriň umumy tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar we şol ýerde talapçynyň we günäkärlenýäniň adyndan ähtnamalary hödürlediler.

5. Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistannyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we oňa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdiler

Dünýäde

6. Ispaniýanyň Walensiýa şäheriniň häkimiýetleri dört günlük iş hepdesini synag etmekçi bolýarlar. Walensiýa bu synanyşyk bilen dünýäde 32 sagatlyk iş synagyna gatnaşan ilkinji şäher bolar. Synag 7-nji maýa çenli dowam eder. Dynç güni diýlip yglan edilen ähli duşenbe günleri Walensiýada baýramçylyk günlerine gabat gelýär. Synagyň barşynda gysgaldylan iş hepdesiniň adamlaryň saglygyna, abadançylygyna, daşky gurşawa hem-de ykdysadyýete täsirini öwrenmekçi bolýarlar. Synagyň netijeleri iýul aýynda yglan ediler diýlip, garaşylýar.

7. Florida ştatynyň birnäçe döwlet mekdeplerinde ýylboýy bilim bermek maksatnamasyna geçmek meýilleşdirýär. Bu okuwçylaryň pandemiýa döwründe goýberen sapaklaryny özleşdirip bilimleriniň kämilleşdirmekleri üçin, şeýle hem tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen her gezek ýokarlanýan jenaýatçylyk işlerini azaltmak üçin edilýär. Bu maksatnama ştatyň birnäçe mekdebinde giriziler.

Sport

8. Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň deslapky oýnunda «Mançester Siti» öz öýünde «Bawariýadan» üstün çykdy. Oýun 3:0 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. «Mançester Sitiniň» düzüminde çykyş edýän Rodri duşuşygyň birinji ýarymynyň 27-nji minudynda, Bernardu Silwa ikinji ýarymyň 70-nji minudynda, Holland bolsa 76-nji minutda pökgini derwezä dürs gönükdirip topara ýeňiş getirdiler. Çärýek finalda «Bawariýa» bilen «mançester sitiniň» arasyndaky jogap duşuşyk 19-njy aprelde Mýunhende geçiriler. «Bawariýa» bilen Mançester Siti» jübütiň ýeňijisi ýarym finalda Real Madrid bilen Çelsi jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar

9. Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň deslapky oýnunda «Inter» myhmançylykda «Benfikadan» üstün çykdy. Oýun 2:0 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. Duşuşykdaky gollaryň ikisi hem ikinji ýarymda hasaba alyndy. 51-nji minutda Barella, 82-nji minutda bolsa Lukaku pökgini derwezä dürs gönükdirip «Intere» üsünlik geçirdiler. Toparyň çärýek finalynyň ikinji jogap duşuşygy 19-njy aprelde Milanda geçiriler. «Inter» — «Benfika» jübütiniň ýeňijisi ýarym finalda «Milan» — «Napoli» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar. Ýewropa çempionlar ligasynyň final duşuşygy 10-njy iýunda Stambuluň Olimpiýa stadionynda geçirieler. Belläp geçsek, ýaryşyň häzirki ýeňijisi «Read Madrid» toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň