Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony gutlady

11:1712.04.2023
0
43442

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow O.Kononenko ýollan hatynda:

«Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin. Goý, älemi öwrenmäge we özleşdirmäge, giň jahanymyza akyl ýetirmäge goşant goşýan hünär işiňizde Size hemişe üstünlik hemra bolsun!» — diýip belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň