Soňky habarlar

Arhiw

ÝÇL-iň çärýek finaly: «Mançester Siti» «Bawariýany» uly hasapda ýeňdi

09:5312.04.2023
0
30750
ÝÇL-iň çärýek finaly: «Mançester Siti» «Bawariýany» uly hasapda ýeňdi
Surat: euro-football.ru

Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň deslapky oýnunda «Mançester Siti» öz öýünde «Bawariýany» ýeňlişe sezewar etdi. «Ettihad» stadionynda geçirilen oýun 3:0 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýeňliş «Bawariýa» üçin ÝÇL-iň şu möwsümindäki ilkinji şowsuzlyk boldy.

«Mançester Sitiniň» düzüminde Rodri (27), Bernardu Silwa (70) hem-de Holand (76) tapawutlandy.

Ýeri gelende bellesek, Holand «Bawariýanyň» derwezesine gol urmak arkaly bu möwsümde «Mançester Sitiniň» düzümindäki gollarynyň sanyny 45-e ýetirdi. Şeýlelikde, norwegiýaly hüjümçi APL-da çykyş edýän klublaryň oýunçylarynyň arasynda bir möwsümde 45 gol uran taryhdaky ilkinji oýunça öwrüldi. «Mançester Sitide» debýut möwsümini geçirýän Holand häzire çenli APL-da 30 gola, ÝÇL-de 11 gola, Angliýanyň Kubogynda 3 gola hem-de Angliýanyň Liga kubogynda 1 gola awtorlyk etdi. 45 golluk sepgidi zabt etmek üçin hüjümçä 39 oýun ýeterlik boldy.

«Bawariýa» bilen «Mançester Sitiniň» arasyndaky jogap oýny geljek hepdäniň çarşenbe güni oýnalar.

Ozal habar berşimiz ýaly bu jübütiň ýeňijisi ýarym finalda «Real» — «Çelsi» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň