Turkmenportal logo
12.04.23
3421934219
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝÇL-iň çärýek finaly: «Inter» myhmançylykda «Benfikadan» üstün çykdy
ÝÇL-iň çärýek finaly: «Inter» myhmançylykda «Benfikadan» üstün çykdySurat: sportingnews.com

Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň deslapky oýnunda «Inter» myhmançylykda «Benfikadan» rüstem geldi. «Eştadiu da Luiş» stadionynda geçirilen oýun 2:0 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.


Duşuşykdaky gollaryň ikisi hem ikinji ýarymda hasaba alyndy. Barella 51-nji minutda myhmanlary hasapda öňe çykaran bolsa, Lukaku 82-nji minutda penaltiden dürs peýdalanyp, oýna soňky nokady goýdy.


Geljek hepdäniň çarşenbe güni oýnaljak jogap duşuşygynda «Inter» öz öýünde «Benfikany» kabul eder. Ozal habar berşimiz ýaly, «Inter» — «Benfika» jübütiniň ýeňijisi ýarym finalda «Milan» — «Napoli» jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.