Gyrgyzystanda «Pyragy» atly oýun goýuldy

10:3211.04.2023
0
29575
Gyrgyzystanda «Pyragy» atly oýun goýuldy
Surat: mfa.gov.tm

Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda «Pyragy» atly oýun goýuldy.

Ýakynda bu teatrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze oýnuň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu teatr oýny Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bu oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanbaý Raýewiň başlangyjy bilen Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp goýuldy. Oýny goýan režissýor Urmatkan Meläýewa.

Bu çäre türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilip geçilmegi mynasybetli daşary ýurtda guralan ilkinji teatr oýny bolup durýar.

«Pyragy» atly oýnuň Gyrgyzystanyň adyndan şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanda geçiriljek IV halkara teatr festiwalyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň