Turkmenportal logo
10.04.23
3025730257
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebaply ýüpekçiler 1010 tonna ýüpek süýümini almagy meýilleşdirýärler
Lebaply ýüpekçiler 1010 tonna ýüpek süýümini almagy meýilleşdirýärler

Häzirki wagtda Lebap welaýatynda ýüpek gurçuklaryny ösdürip ýetişdirýänleriň sany 20 müňden geçýär. «Lebapýüpek» önümçilik birleşigi ähli ýüpekçileri ählisi bilen şertnama baglaşdy diýip, «Jeyhun.news» habar berýär.


Şu ýyl ýüpek gurçugyny idedip ýetişdirýän telekeçileriň ählisi Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen we Hytaýdan getirilen ýüpek gurçuklary bilen üpjün edildi. Häzirki wagtda olaryň ygtyýarynda 2,5 müň gektardan gowrak tut agajy bar.


Jeyhun.news habar gullugynyň ýazmagyna görä, ýagyş möwsüminden soň welaýatyň ýüpekçileriniň «Lebapýüpek» önümçilik birleşigine 1010 tonna ýüpek süýümini tabşyrmagyna garaşylýar.