Iýulyň soňky ongünlüginde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralar häzirki zaman Türkmen döwletiniň taryhy ýyl ýazgysynda möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Şol dabaralara gatnaşmaga çakylyk alan daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy, biziň ýurdumyz bilen öňden ýakyn gatnaşyk saklaýan Neda Berger hem bardy. Hormatly hanym Wena dolanmazynyň öňüsyrasynda “Türkmenportalyň” okyjylary üçin interwýu bermäge höwes bilen razy boldy.
—Hormatly doktor Neda, siz biziň ýurdumyzda geçirilen dürli döredijilik çärelerine yzygiderli gatnaşyp gelýärsiňiz. Siziň Aşgabada şu gezekki saparyňyzyň maksady nämeden ybarat?
—Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde men Aşgabada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan hormatly myhman hökmünde çagyryldym. Şunuň bilen birlikde, hormatly myhman diýmegim asla şol günler Türkmenistanda bolup geçen ajaýyp hem wajyp wakalara keseden synlaýan adam hökmünde gatnaşýandygymy aňlatmaýar. Şol wakalaryň köpüsi Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň gatnaşmagynda geçdi.
—Bize mälim bolşy ýaly, Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň amala aşyrýan taslamasy az däl. Saglygy goraýyş ulgamynda çäreleri guramakda jemgyýetiňize nähili orun degişli?
—Siz mamla. Biziň jemgyýetimiziň gatnaşmagynda medeniýete degişli amala aşyrylan bilelikdäki taslamalar az däl. Şu ýerde “Galkynyş” Türkmen-Awstriýa simfoniki orkestriniň bilelikde taýýarlanan çykyşlaryny, Aşgabatda geçirilen iki Wena balyny, “Galkynyş” žurnalynyň üç sanynyň çap edilmegini agzap geçmek bolar. Bu taslamalaryň hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde amala aşyrylandygyny aýratyn belläsim gelýär.
Şunuň bilen bir hatarda jemgyýetimiziň maksady türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmegine, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň has-da pugtalanmagyna, birek-birek barada köpräk bilmäge ýardam bermekden ybarat bolup durýar.
Men bir zada ynanýan, saglyk bilen medeniýetiň arasynda özara baglanyşyk bar. Saglyk hakyndaky alada milletiň medeniýetiniň wajyp görkezijisi — döwletiň ösenliginiň, durmuş syýasatynda ýeten derejesiniň görkezijisi bolup durýar. Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň, hususan-da, onuň işjeň agzasy — kardiologiýa ugrunda “önümleri” öndürýän “Translumina GmbH” kompaniýasynyň gatnaşmagynda Germaniýanyň belli kardiohirurgy, Wena şäherindäki uniwersitet klinikasynyň ýolbaşçysy Gans Raýner Figullynyň Türkmenistana ilkinji sapary amala aşyryldy. Professor üýtgeşik operasiýalary ýerine ýetirýär we kardiohirurgiýa ugrunda täze işläp taýýarlamalaryň awtory bolup durýar.
—Professor Figullynyň biziň ýurdumyzda bolmagy näderejede netijeli boldy?
—Sowal üçin sag boluň. Eger men ýene bir ýola hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylaryna Halkara lukmançylyk maslahatyna gatnaşmaga, siziň ýurduňyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler bilen tanyşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirsem, megerem, professor menden diýseň hoşal bolar. Professor Halkara lukmançylyk maslahatynda diňe bir nutuk bilen çykyş etmän, eýsem, kardiomerkeziň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy. Onuň aýtmagyna görä, barlaglary we iň çylşyrymly operasiýalary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen şeýle lukmançylyk merkezini ol dünýäniň hiç bir ýurdunda görmändir. Türkmenistandan gidende, professor täze kardiomerkezde türkmen kärdeşleri bilen bilelikdäki operasiýalary geçirmäge isleg bildirdi.
—Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň baýramçylygyň döredijilik ugruna degişli bölegini guramakdaky gatnaşygy barada-da aýdaýsaňyz?
—Bilşiňiz ýaly, şol günlerde Türkmen döwletiniň Baştutanynyň gatnaşmagynda açylan täze desgalaryň arasynda Kongresler merkeziniň ajaýyp binasy hem bardy. Bu hakyky köşk bolup, ol ýerde giň möçberli çäreleri, şol sanda konsertleri geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Muňa 21-nji iýulda Kongresler merkezinde geçirilen baýramçylyk konsertine gatnaşyjylar aňryýany bilen göz ýetiren bolsalar gerek. Türkmenistanyň hökümeti, Daşary işler ministrligi, Medeniýet ministrligi bilen bilelikde Awstriýa-Türkmen jemgyýeti dünýäde adygan opera aýdymçylarynyň çykyşyny gurady. Aşgabada Nil Şikoff (ABŞ), Lýuçiýa Aliberti (Italiýa), Wesselina Kasarowa (Şweýsariýa) dagy çagyryldy, Wenanyň döwlet operasynyň döredijilik truppasyna bolsa Paula Rostas we Gleb Şilow tanysçylar jübüti wekilçilik etdi. Belli awstriýaly sazanda professor Wolfgang Harreranyň dolandyrmagyndaky “Galkynyş” Türkmen-awstriýa simfoniki orkestri hem nobatdaky gezek öz ussatlygyny görkezdi.
Bizi zaldakylaryň ahwaly, tomaşaçylaryň ýakymly garşylaýşy haýran galdyrdy, olar özlerinde galan täsirleri ajaýyp artistleriň we baýramçylyk konsertini guranlaryň adyna aýdýan minnetdarlyk sözleri we şowhunly elçarpyşmalary bilen beýan etdiler.
—Siziň Aşgabatda bolan günleriňizde “Galkynyş” žurnalynyň ýörite sanynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu çäre nähili geçdi!
—Çäre Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirildi we ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylygynyň goldawy netijesinde ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Bilim ministrligi tarapyndan guraldy. Çärä alymlar, iri jemgyýetçilik guramalaryny wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar çagyryldy. Edilen çykyşlarda biziň ýurtlarymyzyň giň ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlygynyň näderejede wajypdygy bellenildi. “Galkynyş” žurnaly hem şu maksatlardan ugur alýar. Onuň üçünji — ýörite sany diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde giňden bellenilýän şanly senä — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanandyr. Çünki hut Bitaraplyk Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan alnyp barylýan ýurduň umumy parahatçylyga we gülläp ösüşe gönükdirilen oňyn daşary syýasat ugruny şöhlelendirýär.
Redaktorlyk edýän žurnalym meniň Türkmenistana we siziň halkyňyza bolan hoşniýetli we çuň ýürekden çykýan duýgularymyň çuňňurlugyny alamatlandyrýar. Şonuň üçinem biz ýörite sanymyza beýik türkmen şahyry Magtymguly Praga bagyşlanan, şeýle hem “Aşgabat we seniň Wena walsyň” atly şygyrlarymy goşduk.
—Jemgyýetiň meýilnamalary barada däbe öwrülen sowal. Siz gelejekde nähili bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagy göz öňünde tutýarsyňyz?
—Meýilnamalar az däl. Döredijilik taslamalary dowam etdiriler, şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň gatnaşygy barha giňeldiler diýip tama edýärin. Siziň ýurduňyzyň 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görýän döwründe, aýratynda, syýahatçylyk we sport geljegi uly taslamalaryň hatarynda durýar.
Bizi köp zatlar birleşdirýär, şu ýyl Awstriýa hem wajyp senäni — bitaraplygynyň 60 ýyllygyny belleýär. Biz Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 23 ýyllygyny-da baýram edýäris. Hat-da Garaşsyzlyk baýramy hem biziň ýurtlarymyzyň arasynda bir wagtyrakda bellenilýär, Awstriýada bu baýram 26-njy oktýabyrda bellenilip geçilýär. Esasy zat bolsa biziň halklarymyz parahatçylygyň gadryny bilýärler, ýokary medeniýeti bilen tapawutlanýarlar. Sözümiň ahyrynda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň işine berýän ýokary üns-aladasy, Türkmenistanda bolmaga we türkmen döwletinde raýatlaryň saglygy we abadançylygy barada edilýän uly aladany şöhlelendirýän ajaýyp baýramçylyga gatnaşmaga çykylygy üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildiresim gelýär. Milletiň Liderine berk jan saglygyny, bagt, ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmekde egsilmez joşgun we hyjuw arzuw edýärin.
—Biziň saýtymyzyň okyjylaryna arzuw-islegleriňizi hem beýan edäýseňiz.
—“Türkmenportalyň” halkara ähmiýetli wakalara işjeň seslenýändigi üçin onuň daşary ýurtlardaky okyjylarynyň sany hem artýar. Siz Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň işi barada-da ilkinji gezek gürrüň bereňizok, bu — diýseň ýakymly. Üns berýändigiňiz üçin size sagbolsun aýdýaryn. Siziň internet-neşiriňize gülläp ösüş, okyjylaryňyza bolsa onuň sahypalarynda gyzykly we derwaýys meselelere bagyşlanan makalalary köpräk okamagy arzuw edýärin.