Soňky habarlar

Arhiw

«FlyDubai» BAE-den Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrar

12:1007.04.2023
0
57311

«FlyDubai» BAE-den Türkmenistana uçuşlaryň sanyny köpeldýär. Awiakompaniýa ýolagçylaryň isleginiň ýokarlanmagyna görä, Dubaýdan (DXB) Aşgabat (ASB) şäherine uçuşlarynyň sanyny artdyrdy.

Şeýlelik bilen, 17-nji aprelden Aşgabat şäherine boljak uçuşlaryň sany köpeler, ýagny hepdede üç gatnaw bolar (duşenbe, çarşenbe we anna günleri). Maý aýynda Türkmenistanyň paýtagtyna uçuşlaryň ýygylygy hepdede dörde çenli (duşenbe, çarşenbe, anna we şenbe) artar. Petekler awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satylýar.

Uçarlar Dubaýdan (DXB) ýerli wagt bilen 23:55-de uçup, 03:25-de Aşgabat howa menziline (ASB) gonar. Yzyna gaýdyp gelýän uçuş sagat 04:55-de uçup, Dubaýda (DXB) wagt tapawudyny hem göz öňünde tutanyňda, 06:45-de gonar.

Uçuşlar «Boeing 737 MAX» uçarynda amala aşyrylýar. Uçuş wagty 2 sagat 30 minut bolar. Her howa menzili üçin ýerli wagt görkezilýär. BAE-de wagt Aşgabatdan bir sagat yzda.

Merkezi Dubaýda (BAE) ýerleşýän «FlyDubai» awiakompaniýasy 100-den gowrak ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar.

Habar berşimiz ýaly, «FlyDubai» Dubaý — Aşgabat ugry boýunça gatnawlary 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda gaýtadan ýola goýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň