Soňky habarlar

Arhiw

«Elektronika dünýäsi» we Berkarar SDAM «Samsung» dükanlary «Hitachi» sowadyjylaryny satyn alan müşderilere «TCL» telewizorlaryny sowgat berýär

22:0006.04.2023
0
62527

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Elektronika dünýäsi» hem-de «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Samsung» dükanlary 7-nji aprelden 31-nji maý aralygynda «Hitachi» brendiniň sowadyjylaryny satyn alýan müşderiler üçin aksiýa geçirýär. Ýapon brendinden sowadyjylary satyn alan müşderilere «TCL» telewizory sowgat berilýär.

«Hitachi» sowadyjylaryna «Elektronika dünýäsi» we «Samsung» dükanlary tarapyndan 3 ýyl kepillik berilýär.

Mundan başga-da, «Elektronika dünýäsi» dükanynda 7-nji aprelden başlap, toplaýjy bonus kart ulgamy işläp başlaýar. Oňa laýyklykda, alyjylara toplaýjy bonus kartlary berlip, oňa edilen söwdanyň 1%-i geçirilýär. Müşderiler bir ýylyň dowamynda bonus kartlaryna toplanan ballary «Elektronika dünýäsi» dükanyndan söwda edip bilerler ýa-da indiki edilen söwdada arzanladyş hökmünde peýdalanyp bilerler.

Şeýle-de, «Elektronika dünýäsi» we «Samsung» dükanlary satyn alnan harytlary Aşgabat şäheriniň çägine mugt eltip bermek hyzmatyny ýetirýärler.

Has giňişleýin maglumat almak üçin salgylar:

  • «Elektronika dünýäsi» dükany – (+993 60) 14 22 53;
  • «Berkarar» SDAM-da ýerleşýän «Samsung» dükany – (+993 60) 14 22 52;
  • Hyzmat ediş merkezi – (+993 60) 14 22 54, (+993 60) 14 22 55.

«Elektronika dünýäsi» dükanynyň sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň