Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde belli türkmen artistleriniň konserti boldy. Kinofilmlere ýazylan aýdym-sazlardan düzülen konsertde ýerine ýetirilen dürli ýurtlaryň dünýä belli eserleri çagalaryň we uly ýaşly diňleýjileriň göwnüni göterdi.
Konserte «Owaz» orkestriniň sazandalary (çeper ýolbaşçysy — Türkmenistanyň halk artisti Nurygandym Hojamuhammedow) we Türkmenistan Döwlet horunyň aýdymçylary (çeper ýolbaşçysy — Haýdar Eminow) gatnaşdylar.
Konserti alyp baran Şemşat Kasymowanyň we Aşyr Goşaýewiň hoşamaýlygy tomaşaçylaryň göwnüni galkyndyrdy hem-de artistlere goldaw berdi.
Konserti Türkmenistanyň halk artistleri Myrat Baýramgeldiýew we Gülnar Nuryýewa «Arşyn mal alan» filminden «Telli-Welli» meşhur aýdym bilen açdylar.
Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew Muslim Magomaýewiň aýdan aýdymlaryndan «Owaz» we «Mawy bakylyk» aýdymlaryny ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Ahmet Atajanowyň ussatlygy tomaşaçylary ýakymly aýdymlary we tanslary bilen tanalýan Hindistana hyýaly sapara atardy.
Konsertde Kakajan Haldurdyýew, Söhbet Kasymow, Öwezberdi Öwezberdiýew, Leýli Mämmedowa, Mähri Pirgulyýewa hem çykyş etdiler. Aýdymçylar tomaşaçylaryň alkyşyny aldylar. Muslim Magomaýewiň aýdan aýdymlaryndan «Gözellik melegi» we «Saňa minnetdar» atly iki aýdymy ýerine ýetiren Dawid Keworkowyň çykyşy diňleýjileriň göwnünden turdy.
Konsert Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewanyň «Äpet howa şarynda» aýdymy we çagalaryň tansy bilen jemlendi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.