Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý we Braziliýa özara söwdada dollardan ýüz öwürdiler

10:2931.03.2023
0
28545
Hytaý we Braziliýa özara söwdada dollardan ýüz öwürdiler
Surat: news-front.info

Hytaý we Braziliýa milli pullarda söwda etmek barada ylalaşyga gol çekdiler. Indi iki ýurduň arasyndaky pul akymy deslapdan dollara çalşylmazdan, ýuanda we realda alnyp barlar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ýurtlar azyk önümleri we peýdaly gazylyp alynýan magdanlaryň pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýärler. Bu barada Pekinde geçen brazil-hytaý işewürlik forumynda HHR-iň söwda ministriniň orunbasary Go Tintin habar berdi.

Taraplar milli pullarda hasaplaşyklaryň özara tranzaksiýalary ýeňilleşdirjekdigine we arzan düşürjekdigine umyt bildirýärler, şeýle-de bu ikitaraplaýyn gatnaşyklarda dollara garaşlylykdan halas bolmaga mümkinçilik berer.

Braziliýanyň Maliýe ministrliginiň halkara meseleleri boýunça kätibi Tatýana Rozito Hytaý bilen milli pullarda hasaplaşyklary eýýäm 25 ýurduň alyp barýandygyny nygtady. Olaryň hatarynda Çili we Argentina hem bar.

Ýeri gelende aýtsak, HHR eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri Braziliýanyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy rekord derejedäki 150 milliard dollara deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň