Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ylmy esasda taýýarlanylar

22:1224.03.2023
0
27439

2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine:

— ýokarda agzalan oýunlara ylmy esasda taýýarlanmagy üpjün etmek;

— degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli maksatnamany we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

Şeýle hem resminama laýyklykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary maksatnamada we meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmeginde Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine ýardam bermäge borçly edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň