Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýeli koronawirusdan, partlamadan we ýertitremeden aman galdy

16:5620.03.2023
0
41619
Türkiýeli koronawirusdan, partlamadan we ýertitremeden aman galdy
Surat: az.sputniknews.ru

Türkiýäniň Islahiýe şäheriniň 78 ýaşly ýaşaýjysy Halil Karakuş koronawirusy agyr geçirdi, partlamada aman galdy, golaýda bolan güýçli ýer yranmasynda hem halas boldy.

Ýurduň TRT teleýaýlymyň habar bermegine görä, ol we aýaly 2020-nji ýylda koronawirus bilen keselledi, aýaly ýokanjyň pidasy boldy, Karakuşy ýagdaýynyň agyrlygy üçin hassahananyň tiz bejergi bölümine geçirdiler, emma ol ýerde 11 adamyň gurban bolmagyna getiren partlama boldy. Ýaralanan gojany başga hassahana geçirdiler, ol ýerde 70 gün ýatandan soň sagaldy.

6-njy fewrada Türkiýede bolan elhenç ýer yranmasynda Karakuş öýünde dogan-garyndaşlary bilen otyrdy. Ol ikinji gatdaky öýüniň penjiresinden böküp ýetişdi. Häzir ol konteýner öýde ýaşaýar. Bu barada «Vesti.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň