Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Li Sýany HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenmegi bilen gutladylar

22:2411.03.2023
0
35708

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenilmegi bilen gutladylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan strategik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek arkaly bilelikde tagalla etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa jenap Li Sýana ýollan gutlag hatynda:

— Biz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berýäris. Türkmen-hytaý köpugurly hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde geljekde-de halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine berk ynanýaryn — diýip belledi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary gutlag hatlarynda Li Sýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň