Täjigistanda Halkara zenanlar güni bilen bilelikde Enäniň güni hem uludan baýram edildi. Ýurtda ýolagçy uçaryny dolandyrýan ilkinji zenan-uçarman Tatýana Afentýewa barada kärdeşleri öz käriniň hakyky ussady diýip baha berýärler diýip, «MIR 24» ýazýar.
Tatýana zähmet ýoluna bortprowodniklikden başlady. «Bir gün uçarmanyň kabinasyna girenimde, uçaryň dessesiniň başynda oturan gyzy görüp, haýran galdym. Ol daşary ýurtly eken. Şondan soň mende uçarman bolmak arzuwy döredi» diýip, ikinji uçarman Afentýewa gürrüň berýär.
Ol arzuwyna ýetmek üçin Russiýanyň Sasowsk uçarmanlary taýýarlaýan ýörite hünär mekdebine okuwa girdi. Indi on ýyldyr, ol ýolagçy uçaryny dolandyrýar. Bu döwürde Tatýana asmanda müň sagatdan gowrak uçdy.
«Maňa has-da Moskwanyň Wnukowo aeroporty ýaraýar. Tokaýyň üstünden 24-nji gonuş zolagyna inip barýarkaň, aşakda obajyk, tokaý görünýär. Iň halaýan uçuş ugrum Duşenbeden asmana galmak, demirgazyga tarap uçýarkaň, ajaýyp garly daglary görýärsiň» diýip, ikinji uçarman zenan gürrüň berýär.
Tatýana Afentýewa özüniň müňünji uçuşyny däp bolşy ýaly, tort bilen belledi, awiasiýada şeýle däp bar.
Uçarman zenanyň iş düzgüninde Moskwa, Dubaý, Pekin, Mýunhen şäherleri bar. Hepdede ol birnäçe uçuşy amala aşyrýar. Ikinji uçarman asmanda ýerdäkiden köp bolýar.