Soňky habarlar

Arhiw

Kamil Mingazow Türkmenistanyň zenanlar ýygyndylarynyň 2023-nji ýyldaky maksatlary barada gürrüň berdi

11:5206.03.2023
0
18561

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna gatnaşar. Ýurduň milli we 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylary jogapkärli ýaryşlara tejribeli tälimçi Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygynda taýýarlyk görýär. 54 ýaşly tälimçi Türkmenistanyň dürli ýaşdaky zenanlar ýygyndylary bilen 2016-njy ýyldan bäri işleşip gelýär.

Baş tälimçi öňde duran ýaryşlar we olara taýýarlyk görşi barada şeýle diýýär:

― Biz türgenleşiklerimize 4-nji ýanwarda Aşgabatda başladyk. Dürli ýaşdaky ýygyndylarymyz üçin ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen dalaşgärleri gözden geçirdik. Soňra-da Olimpiýa şäherçesinde ýygyna başladyk. Biz 20 ýaşa çenli gyzlar ýygyndymyz bilen Aziýanyň kubogy ― 2024-iň 8 ― 12-nji mart aralygyndaky saýlama duşuşyklaryna, 22 ― 30-njy aprel aralygynda 17 ýaşa çenli ýetginjek gyzlar ýygyndymyz bilen indiki ýyl geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryna we zenanlar ýygyndymyz bilen Olimpiýa oýunlary ― 2024-iň 3 ― 11-nji aprel aralygynda geçiriljek saýlama duşuşyklaryna taýýarlyk görýäris.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji saýlama duşuşyklaryny Hindistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary bilen geçirer. Saýlama tapgyryň birinji bölegine 26 ýygyndy gatnaşýar. Türkmenistan öz garşydaşlary bilen «G» toparçasynda ýaryşar.

Baş tälimçi ýygyndylaryň ýaryş dowam etdirmekdäki mümkinçiliklerini birmeňzeş görýär. Türkmen ýygyndysy hem toparçadan çykyp, ýaryşy dowam etdirmek üçin ýiti göreş alyp barar.

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygynda geçen ýyl ilkinji gezek geçen ýyl Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan geçirilen sebitleýin ýaryşa gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen şol ýaryşda Täjigistanyň (1:1) we Gyrgyzystanyň (0:0) ýygyndylary bilen bolan duşuşyklarda gazanylan utuklar türkmen ýygyndysyna 2022-nji ýylyň awgust aýynda taryhynda ilkinji gezek FIFA-nyň zenanlar ýygyndylarynyň reýtingine girmek mümkinçiligini bagyşlady. Häzir Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy reýtingdäki 187 toparyň arasynda 137-nji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň