Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

21:5402.03.2023
0
38798

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula Larisa şäheriniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly demir ýol heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň