Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer kömeginiň goşmaça tapgyryny iberdi, Türkmenistan we BMG özara hyzmatdaşlyk boýunça 26 resminama gol çekdiler, Türkmenistanda döwlet eýeçiliginde degişli 37 sany desga satuwa çykaryldy we beýleki habarlar

11:2628.02.2023
0
41230

Türkmenistanda

1. Geçen hepde Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti dowamly howa gatnawy arkaly Türkiýä ynsanperwer kömeginiň goşmaça tapgyryny iberdi. Betbagtçylyk zolagyna 60 sany gyzdyryjy enjam we beýleki zerurlyklar iberildi. Mundan başga-da, Aşgabatdan Türkiýäniň ýertitremeden ejir çeken etraplaryna 130 sany düşek ugradyldy.

2. Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we beýleki möhüm ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda 26 resminama gol çekildi. Gol çekmek dabarasy 27-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirildi. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda 2023-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki taslamalar we şu ýyl üçin iş meýilnamalary hem bar.

3. 4-nji martda Aşgabatdaky Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň sahnasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Ereş Hemraýew tarapyndan sahnalaşdyrylan «Kim kimi söýýär?» atly spektaklyň ilkinji görkezilişi bolar. Türkmenistanyň at gazanan artisti, dramaturg Berdi Bäşimowyň pýesasy esasynda goýlan spektakly Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyplary ýerine ýetirerler.

4. 17-nji martda Türkmenistanda döwlet eýeçiligine degişli emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwda (auksion) geçiriler. Bäsleşikli söwda döwlet eýeçiligindäki emläkleriň satuwy üçin niýetlenen www.е.fineconomic.gov.tm sanly söwda gurşawynda we bu gurşawyň ykjam programmasy arkaly geçiriler. Sanawa 37 desga girizildi.

5. A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän Bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebinde Maslenisa baýramçylygy aýdymlar we tanslar bilen bellendi. Okuwçylar tumarlary we şaý-sepleri ýasamak boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. 2023-nji ýylda Maslenisa 20-nji fewralda başlandy we 26-njy fewralda tamamlandy. 27-nji fewral 47 gün dowam etjek «Uly post (agyz beklemek)» başlanýar.

Dünýäde

6. Perunyň häkimiýeti guşlaryň we haýwanlaryň ýabany we öý görnüşleriniň arasynda guş dümewi wirusynyň ýaýramagynyň köpelmegi sebäpli adatdan daşary ýagdaý düzgünini 2023-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdy. Diňe geçen ýyldan bäri bu wirus haýwanlaryň we guşlaryň 63 müňden gowragynyň ölümine sebäp boldy.

7. Daşkent döwlet mugallymçylyk uniwersiteti we Daşkent döwlet stomatologiýa instituty geljek ýylda Gün panelleriniň hasabyna elektroenergiýany dolulygyna özbaşdak üpjün etmegi meýilleşdirýärler. Bu ýokary okuw mekdeplerinde elektrik öndürmek üçin Gün energiýasyny ulanmak boýunça maksatnamalar ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministri Ibrohim Abdurahmonowyň olaryň rektorlary bilen bolan duşuşygynyň dowamynda habar berildi.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň topary şenbe güni Kemerowanyň «Kuzbass» buz köşgünde geçirilen «Aziýanyň çagalary» II halkara gyşky sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmen türgenleri «Aziýanyň çagalary» halkara sport oýunlaryna ikinji gezek gatnaşýarlar. Olar dört ýyl mundan öň hokkeý we figuralaýyn typmak ýaryşlarynda ilkinji gezek çykyş edipdiler. Türkmenistanyň häzirki wekiliýetine figuralaýyn typmak, şort-trek we gar woleýbolyna gatnaşjak 10 türgen bilen birlikde 17 adam girýär.

9. Futbol boýunça «PSŽ-niň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi FIFA-nyň nusgasy boýunça 2022-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy. «The Best FIFA Football Awards 2022» baýraklaryny gowşurmak dabarsy 2022-nji ýylyň 27-nji fewralynda Parižde geçirildi. Şeýle-de baýraga «PSŽ-niň» hüjümçisi Kilian Mbappe we «Realyň» hüjümçisi Karim Benzema dalaş etdiler.

«Erkekleriň arasynda futbolda ýylyň iň gowy derwezebany» baýragyna «Aston Willanyň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Emiliano Martines mynasyp boldy. Baýrak ugrundaky göreşde Marokkanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Ýassin Bunudan we belgiýaly Tibo Kurtuadan öňe saýlandy.

Katarda geçirilen dünýä çempionatynda Argentinanyň milli ýygyndysyny ýeňşe elten Lionel Skaloni ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň