Turkmenportal logo
27.02.23
1517615176
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti «Aziýanyň çagalary» atly II Gyşky sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti «Aziýanyň çagalary» atly II Gyşky sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti şenbe güni «Kuzbass» buzly köşgünde «Aziýanyň çagalary» atly II Gyşky sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.


Türkmen türgenleri bu Oýunlaryň gyşky görnüşlerine ikinji gezek gatnaşýarlar. Mundan dört ýyl ozal olar hokkeý we figuralaýyn typmak boýunça ýaryşa ilkinji ädimini ädipdiler.


Türkmen wekiliýetiniň düzüminde 17 adam bar, şol sanda olaryň 10-sy figuralaýyn typmak, şort-trek we garyň üstünde oýnalýan woleýbol boýunça türgenlerdir.


Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny garyň üstünde oýnalýan woleýbol boýunça türgen Furkat Şaripow göterdi.


Oýunlaryň ýapylyş dabarasy 4-nji martda bolar.