Turkmenportal logo
28.02.23
2274622746
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Martines FIFA tarapyndan ýylyň derwezeçisi saýlanyldy

«Aston Willanyň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Emiliano Martines FIFA tarapyndan «Ýylyň iň gowy derwezeçisi» diýlip yglan edildi.


Martines geçen ýyl milli ýygyndysyna dünýä çempiony bolmaga kömek etdi. Ol ýylyň derwezeçisi diýen at üçin Marokkonyň ýygyndysynyň we «Sewilýanyň» derwezeçisi Ýassin Banu we «Realyň» belgiýaly derwezeçisi Tibo Kurtua bilen ýaryşdy.