Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlyk boýunça 26 sany resminama gol çekildi

21:5827.02.2023
0
34312

Şu gün Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG-niň düzüm birlikleri bilen Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, dürli resminamalara ikitaraplaýyn gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Has takygy, Türkmenistanyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň agzalan düzümleriniň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, sport, bilim, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, statistika, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly 26 sany resminama gol çekildi. Olaryň arasynda 2023 — 2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki taslamalar we şu ýyl üçin iş meýilnamalary bar.

Resminamalaryň ählisi 2021 — 2025-nji ýyllar üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ozal gol çekilen maksatnamalaýyn resminamalaryň maksatlaryny we wezipelerini öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň