FIFA ýylyň iň gowularyny yglan etdi: «ýylyň iň gowy oýunçysy» Lionell Messi

09:1028.02.2023
0
23919

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Fransiýanyň «PSŽ» klubynyň hüjümçisi Lionell Messi FIFA tarapyndan «ýylyň iň gowy oýunçysyna» gowşurylýan baýraga mynasyp boldy. Ol baýrak üçin bäsleşikde Kliýan Mbappeni we Karim Benzemany yzda galdyrdy. Messä bu baýragy FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino gowşurdy. Şeýlelikde, ol karýerasynda ikinji gezek FIFA tarapyndan «ýylyň iň gowy oýunçysy» hökmünde ykrar edilip, bu ugurda Robert Lewandowski we Kriştianu Ronaldu bilen deňleşdi.

FIFA iň gowy oýunça gowşurylan baýrakdan başga-da birnäçe ugurlar boýunça ýylyň iň gowularynyň adyny mälim etdi. Has takygy, Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolan Lionel Skaloni «Iň gowy tälimçi», şol ýygyndynyň derwezeçisi Emiliano Martinez bolsa «iň gowy derwezeçi» hökmünde ykrar edildi.

Aýallaryň arasynda ýylyň «iň gowy oýunçysyna» niýetlenen baýragy Aleksiýa Putelýasa («Barselona», Ispaniýa) nesip etdi.

Iň owadan gol üçin niýetlenen «Puşkaş» baýragyna bolsa, Olekseý Marçin (mümkinçiligi çäkli futbolçy) tarapyndan urlan gol laýyk görüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň