Soňky habarlar

Arhiw

«Maliýeçi» talyplaryň arasynda futzal boýunça geçirilen ýaryşyň ýeňijisi boldy

09:3225.02.2023
0
19886

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda XII uniwersiadanyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň futzal toparlarynyň arasyndaky jemleýji duşuşyklar geçirildi.

Final duşuşygynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» topary Türkmenistanyň Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» toparyny 4:1 hasabynda ýeňip, ýaryşyň çempiony boldy.

Üçünji orny bolsa Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň