Soňky habarlar

Arhiw

«Matç TW» türkmen türgenleriniň hem gatnaşýan «Aziýanyň çagalary» atly Oýunlaryň açylyş dabarasyny göni ýaýlymda görkezer

18:1624.02.2023
0
21544

23-nji fewralda Russiýada «Aziýanyň çagalary» atly II Gyşky sport oýunlaryna badalga berler. Bu barada Kuzbass sebitiniň dolandyryşynyň metbugat gullugy habar berdi.

Oýunlaryň açylyş dabarasy 25-nji fewral güni Kemerowa şäherindäki «Kuzbass» buzly köşgünde geçiriler. Aşgabat wagty bilen agşam sagat 18:00-da başlanjak dabara «Matç TW» teleýaýlymy arkaly hem göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

Ýaryşa 13 döwletiň wekilleri gatnaşýar. Şol sanda, olaryň arasynda Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Mongoliýanyň wekilleri hem bar. Mahlasy, bu ýerde 827 türgen medallaryň 57 toplumy üçin göreşer.

Türkmenistan ýaryşa üç görnüş ― Figuralaýyn typmak, şort-trek we garda oýnalýan woleýbol boýunça gatnaşar.

Türkmenistanly figuralaýyn typyjylaryň çykyşlary 27-nji fewral ― 1-nji mart aralygynda Nowokuznesk şäherindäki «Kuzneskiniň metallurg Oleg Korolenko Arenasynda» geçiriler.

Türkmenistanly buzda typyjylar şort-tregiň 500 we 1000 metr aralyga geçiriljek ýaryşlaryna gatnaşar. 28nji fewral ― 1-nji mart aralygyndaky bu ýaryş «Kuzbass» buzly köşgünde geçiriler.

Türkmenistanyň garda oýnalýan woleýbol ýygyndysyna 4 türgen wekilçilik edýär. Bu görnüş boýunça ýaryşlary Kemerowa sebitiniň Taştagolsk etrabynyň «Şeregeş» dag lyžasy toplumy kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň