Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygyna bellenilen möçberdäki suwuklandyrylan gazy Özbegistana muzdsuz ibermek barada tabşyryk beripdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda iberilen suwuklandyrylan gaz ýüklenilen wagonlar 19-njy fewralda Özbegistana baryp gowuşdy. Bu barada Özbegistanyň «Hududgaztaminot» edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Habarda bellenilişine görä, Türkmenistandan Özbegistana ugradylan suwuklandyrylan gazyň möçberi 2 müň tonna barabar bolup, onuň 1 müň tonnasy Garagalpagystan Respublikasynyň, 1 müň tonnasy bolsa Horezm welaýatynyň ýaşaýjylaryna paýlanylar.
Özbegistanyň Energetika ministrligi muzdsuz iberilen türkmen suwuklandyrylan gazynyň mätäçlik çekýän hojalyklara mugt paýlanyljakdygyny mälim etdi.