Soňky habarlar

Arhiw

«AD Ports Group» kompaniýasy taýýar gämilerini Hazar deňzine getirer

11:4020.02.2023
0
27469

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «AD Ports Group» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde porty dolandyrmak, logistikany ösdürmek we deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle-de Türkmenistanyň ulag ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «AD Ports Group» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «AD Ports Group» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde porty dolandyrmak, logistikany ösdürmek we deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle-de Türkmenistanyň ulag ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem kompaniýanyň taýýar gämilerini Hazar deňzine getirmek we täze gämileriň gurluşygyna maýa goýum goýmak boýunça teklipler öňe sürüldi. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Konteýner terminalyny uzak möhletleýin şertlerde «AD Ports Group» kompaniýasyna Ynançly dolandyryşa bermegiň mümkinçilikleri babatda pikir alyşyldy. Agzalan hyzmatdaşlyklaryň ugurlary babatda kompaniýanyň ýolbaşçysy tarapyndan türkmen tarapy bilen bilelikdäki kärhananyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar deňiz ulaglary ulgamynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň