Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Owganystan demir ýol arkaly ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak barada ylalaşdylar

16:1219.02.2023
0
46276

18-nji fewralda Kabul şäherinde Owganystanyň demir ýol müdirliginiň Hyrat bölüminiň müdiri Muhammet Nasim Mohammadi «Türkmendemirýollary» agentliginiň wekillerini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Serhetabat — Turgundy serhetýaka demir ýolunyň ýük daşalyş mukdaryny artdyrmak barada ylalaşdylar. Bu barada Owganystanyň demir ýol müdirligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, owgan we türkmen taraplary Türkmenistanyň demir ýollary arkaly üstaşyr ýükleriň mukdaryny artdyrmak, bu ýurtdan täjirçilik ýüklerini howpsuz daşamak we Turgundy portunyň dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar. Häzirki wagtda importyň köp bölegi Owganystana Özbegistanyň çäginden gelýär.

Türkmenistanyň Serhetabat şäheri bilen Owganystanyň serhetýaka Turgundy şäheriniň arasyndaky uzynlygy 5,5 kilometr bolan demir ýol 1982-nji ýylda guruldy. 2019-njy ýyla çenli Türkmenistan bu ugry doly döwrebaplaşdyryp, onuň kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň