Soňky habarlar

Arhiw

APL: «Mançester Siti» birinji orna geçdi

08:0016.02.2023
0
23338

«Arsenal» bilen «Mançester Siti» toparlarynyň arasynda Angliýanyň premýer-ligasynyň 12-nji tapgyrynyň soňa süýşürilen oýny geçirildi.

«Emereýts» stadionynda geçirilen oýun 1:3 hasabynda myhman topar «Mançester Sitiniň» ýeňşi bilen tamamlandy. «Sitiniň» düzüminde De Bruýne (24), Griliş (72) we Holand (82) tapawutlandy. «Arsenalyň» jogap topy bolsa 42-nji minutda penaltini dürs ýerine ýetiren Sakanyň adyna ýazyldy.

Şeýlelikde, «Mançester Siti» 23 oýundan soňra 51 utuk bilen turnir tablisasynyň birinji basgançagyna geçdi. Edil şonça utuk toplan «Arsenal» ikinji ýerde barýar, emma «topçularyň» «Mançester Sitiden» bir oýun az geçirendigini bellemek gerek. Üçünji ýerdäki «Mançester Ýunaýtedde» 46 utuk bar.

Ýeri gelende bellesek, «Arsenal» APL-yň çäklerinde bassyr 11-nji gezek «Mançester Sitiden» ýeňlişe sezewar boldy. London kluby 2015-nji ýyldan bäri APL-yň oýunlarynda «Mançester Sitini» utup bilenok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň