Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada «Oleýna» ösümlik ýagyny öndürijiniň täze eýesi belli boldy

13:4015.02.2023
0
32195
Russiýada «Oleýna» ösümlik ýagyny öndürijiniň täze eýesi belli boldy
Surat: theins.ru

Amerikanyň «Bunge» agrotreýderiniň Russiýada «Oleýna» günebakar ýagyny öndürýän öňki golçur kompaniýasynyň täze eýesi belli boldy, ol telekeçi Karen Wanesýan diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Bunge SNG» kompaniýasyna günebakar ýagynyň «Oleýna», «Ideal», «Maslenisa» diýen brendleri degişlidir. Kompaniýanyň Russiýada iri zawodlarynyň biri işleýär.

7-nji fewralda «Bunge» özüniň Russiýadaky «Oleýna» günebakar ýagynyň önümçiligini satmakçydygyny yglan etdi.

«Bunge» 1818-nji ýylda Amsterdamda esaslandyryldy. Ol häzirki wagtda oba hojalyk we azyk önümleri bazarynda işleýän halkara kompaniýasydyr. Onuň düýp merkezi ABŞ-nyň Missuri ştatynda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň