Prezident Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe Serbiýanyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wuçiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Serbiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.