Soňky habarlar

Arhiw

Horwatiýanyň naharhanasynda robotlar tagam taýýarlaýarlar

17:2613.02.2023
0
41599
Horwatiýanyň naharhanasynda robotlar tagam taýýarlaýarlar
Surat: hi-news.ru

Horwatiýadaky restoranlaryň birinde robotlar aşpez bolup işleýärler diýip, «Habar 24» ýazýar.

Olar tagamlaryň 70-den hem gowrak görnüşini taýýarlap bilýärler. Bu işde enjama diňe täze ingrediýentleri ýerleşdirmek ýeterlikdir. Ýagyň we nahara atylýan zatlaryň gerek möçberini robot özbaşdak kesgitleýär. Ol 15 minutda dört sany tagamy bişirmäge ukyplydyr.

Garbanyşhananyň eýesi robotlary aşhanada ýerleşdirmek pikirini durmuşa geçirmek üçin 7 ýylyň gerek bolandygyny gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň