Russiýanyň Týumen sebitiniň telekeçileri Türkmenistandan 18 tonna pomidor aldy.
«Rosselhoznadzor»-yň Týumen sebiti boýunça bölüminiň habaryna görä, önümler gümrük barlagyndan we fitosanitar gözegçiliginden üstünlikli geçdi.
Bölüm 200 gram pomidor goýultmasynda adam organizmi üçin zerur gündelik likopen dozasynyň ýeterlik mukdarda bardygyny belläp geçdi.
Häzirki wagtda türkmen telekeçileri pomidoryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Ösümliklere ideg etmegiň innowasion usullary ýylyň ähli paslynda pomidor öndürmäge mümkinçilik berýär.