«Milan» Italiýanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Torinodan» üstün çykdy. «San-Siro» stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.
Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Oliwýe Žiru geçirdi. 62-nji minutdaky goluň pasyny bolsa onuň watandaşy Teo Ernandez berdi.
Ähli ýaryşlarda bassyr ýedi duşuşyk gazanan «Milan» araky üs duşuşygyny şowsuz geçiren hem bolsa, ýene özüni dürsedi. Utugyny 41-e çykaran topar ýaryş tertibinde üçünji orna göterildi.