Türkiýede bolup geçen weýrançylykly ýer titremesi şol döwürde bu ýurtda bolan Türkmenistanyň raýatlaryna-da täsir etdi. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça daşary işler ministri we ýurduň müftüsi bilen bilelikde Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasyna baranda aýtdy. Bu barada Türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
— Betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda öz raýatlarymyz hem bar — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň her bir raýatyň arkasynda dag ýaly bolup durandygyny belläp, bir mesele ýüze çyksa, degişli düzümleriň üsti bilen zerur goldawlaryň beriljekdigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem öz adyndan şehitleriň dogan-garyndaşlaryna gynanç sözlerini beýan edip, merhumlara iman baýlygyny, olaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okady.
Ozal Türkiýedäki Türkmenistanyň raýatlary üçin bu ýurtda bolup geçen birnäçe ýer titremesinden soň zerur kömek bermek boýunça ýörite telefon liniýasynyň açylandygyny habar beripdik.
Türkiýe Respublikasynyň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme mahalynda bu sebitde bolýan Türkmenistanyň raýatlary kömek-maslahatlary we maglumatlary almak üçin şu telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilerler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň telefon belgileri:
- (+993 12) 44-56-88;
- (+993 12) 44-57-22.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň telefon belgileri:
- +90(505)1315685;
- +903124417122 (23,24);
- tmankara@yahoo.com.
Stambul şäherindäki baş konsullygyň telefon belgileri:
- +905375200935;
- +902126620221;
- stambulconstm2@gmail.com.