Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkiýedäki ýertitremede wepat bolanlaryň hatyrasyna sadaka berler

23:1208.02.2023
0
57050

Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Türkiýe Respublikasynda bolup geçen güýçli ýertitremesinde wepat bolanlary hatyralap sadaka berler. Bu barada şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna baryp, duýgudaşlyk bildiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mälim etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Milli Lider, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen bolan söhbetdeşlikde ýakyn wagtda şehit bolanlary, öten geçenleri ýatlap «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda sadaka beriljekdigini belledi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna baryp, ilçi Togan Oralyň üsti bilen, köpsanly adam pidalaryna getiren agyr betbagtçylyk sebäpli tutuş türk halkyna we ýurduň hökümetine gynanç bildirdi.

Ýeri gelende bellesek, häzire çenli toplanan maglumatlara görä, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremesinde wepat bolanlaryň sany 9 müňden, ýaralananlaryň sany 52 müňden geçdi. Tebigy betbagtçylyk zerarly ýurtdaky binalaryň 6444 sanysyna zeper ýetdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň