Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer kömegini berdi, Azat Dönmezow Moskwa oblastynda konsert berer, Özbegistan Türkmenistana 20 sany tiz kömek awtoulagyny iberdi

11:0808.02.2023
0
58393

1. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkmenistan Türkiýäniň ýertitreme bolup geçen zolagyna içinde halas edijiler we ynsanperwer kömegi bolan uçar iberdi. Uçaryň içinde halas ediş topary we derman serişdeleri bardy.

2. Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýertitreme bilen baglanyşykly Türkiýe Respublikasyna baryp görmek isleýän KHBS-iň wekillerine giriş wizasy gerek bolmaz.

3. 15-nji fewralda Moskwa oblastyndaky «Vegas City Hall-da» Türkmenistanyň estrada aýdymçylarynyň konserti geçiriler. Meşhur aýdymçy Azat Dönmezow, şeýle hem Türkmenistan Döwlet sirkiniň «Türkmen äheňleri» döredijilik toparynyň estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Haýdarow we deprekçi Atajan Eýýubow russiýaly diňleýjileriň öňünde çykyş ederler. Sungat ussatlarynyň çykyşy 20:00-da başlanar. Petekler konsertden öň konsert zalynyň girelgesinde mugt paýlanar. Ýerleşmek üçin çärä öňünden – 19:00-da gelmelidigi aýdylýar.

4. Saud Arabystanyndan üstaşyr üçünji ýurda gidýän türkmenistanly ýolagçylar 96 sagatlyk elektron tranzit wizasyny alyp bilerler. Saud Arabystany «Saudia» we «Flynas» awiakompaniýalary bilen bilelikde, syýahatçylar üçin bu ýurtda 4 gün galmaga mümkinçilik berýän üstaşyr wizalaryny ýola goýdy. Bu wiza syýahatçylara patyşalygyň esasy gözel ýerlerine baryp görmäge şeýle hem dini zyýarat – umra hajyny berjaý etmäge mümkinçilik berýär.

5. Fewral aýynyň soňky on gününde Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda geçiriljek Halk senetçiliginiň adaty el işleriniň VII halkara festiwaly dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenleri bir ýere jemlär. Onda Türkmenistana Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy, özüniň agaçdan taýýarlan özboluşly işleri bilen tanalýan Maksat Şyhyýew wekilçilik eder. Maksat Şyhyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn Asyry» bäsleşiginiň ýeňijisidir, 2018-nji ýylda «Çeper döredijiligiň halk ussady» diýen hormatly ada we «Watan bolan söýgüsi üçin» medalyna eýe boldy.

6. Özbegistan iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli 20 sany häzirki zaman «Volkswagen Caddy» tiz kömek awtoulagyny Türkmenistana iberdi. Türkmenistan hem öz gezeginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Özbegistana suwuklandyrylan gazyň tapgyryny muzdsuz iberdi. Dostlukly kömek alyş-çalşygy Horezm sebitini Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty bilen birleşdirýän «Şawot» serhet gümrük nokadynda geçirildi.

Dünýäde

7. Hytaýyň Ýunnan welaýatynda arheologlar Han nesilşalygyna degişli 10 müňden gowrak bambuk tagtajygyny we 837 sany möhür şekiljiklerini tapdylar. Tagtajyklarda Ýunnan sebitiniň 24 etrabynyň 20-siniň ady ýazylan ieroglif ýazgylary bar. Han nesilşalygy b.e. öňki 109-njy ýylda häzirki Hytaýyň çäklerinde höküm sürüpdir we şondan bäri gadymy patyşalyk Hytaýyň bir bölegine öwrülipdir.

8. 2023-nji ýylyň ýaz-tomus uçuş tertipnamasynyň başlanmagy bilen, «Uzbekistan Airways» Daşkentden we Namangandan Russiýanyň şäherlerine göni howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. «Uzbekistan Airways-iň» täze ugurlarynyň arasynda Nižniý Nowgoroda, Omska, Orenburga we Nižnewartowska uçuşlar bardyr.

Sport habarlary

9. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleri Halkara sirk festiwaly üçin özboluşly maksatnama taýýarlap başladylar. Täze tilsimleri taýýarlamak üçin bir aýdan gowrak wagt gerek bolýar. Hatda iň tejribeli çapyksuwarlar hem ilkibada meýdançada diňe ätiýaçlandyryş bilen işleýärler, sebäbi akrobatiki hereketler örän ýokary tizlikde ýerine ýetirilýär. Türkmen artistleri 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek 47-nji Halkara Monte-Karlo sirk festiwalyna gatnaşmaga taýýarlanýarlar.

10. Aşgabadyň «Altyn asyr» topary birbada bäş futbolçy bilen şertnama baglaşyp, gyşky transfer möwsüminde tapawutlandy. Wise-çempionyň düzümi geçen möwsümiň iň köp pökgi geçiren oýunçysy Didar Durdyýew, derwezeban Resul Çaryýew, hüjümçi Selim Nurmyradow, goragçy Hoşgeldi Hojowow (ählisi «Ahaldan») we «Köpetdagyň» ýarymgoragçy Yhlas Saparmämmedow bilen dolduryldy. Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi hökmünde «Altyn asyryň» 2023-nji ýylyň sentýabrynda AFK Kubogynyň toparlaýyn tapgyryndan Aziýa syýahatynyň başlanjakdygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň