Turkmenportal logo
07.02.23
3528235282
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Türkiýä ynsanperwerlik kömegini berýär
Türkmenistan Türkiýä ynsanperwerlik kömegini berýär

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Türkiýe Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini nazara alyp, 2023-nji ýylyň fewral aýynda dostlukly türk halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.


Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Dokma senagaty ministrligine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de harydy ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmäge borçly edildi.