Azat Dönmezow Moskwadaky «Vegas City Hall»-da konsert berer

06:0208.02.2023
2
50420

2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda Moskwadaky «Vegas City Hall» konsert merkezinde türkmenistanly sungat işgärleriniň konserti geçiriler diýip, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy habar berdi.

Konsertde rus diňleýjileriniň öňünde meşhur aýdymçy Azat Dönmezow, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Haýdarow hem-de deprekçi Atajan Eýýubow dagylar çykyş ederler.

Çykyşlar 20:00-da başlar. Petekleri konsertden öň konsert zalynyň girelgesinde mugt paýlanar. Orunlarda ýerleşmek üçin konserte öňünden — 19:00-da gelmeli.

«Vegas City Hall» konsert zaly şu salgyda ýerleşýär: Russiýa Federasiýasy, Moskwa sebiti, Krasnogorsk, Meždunarodnaýa köçesi, 12 (Moskwanyň aýlawly ýolunyň 66-njy kilometri; Mýakinino metro bekedi).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň