Turkmenportal logo
07.02.23
3674736747
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan Türkmenistana tiz kömek ulaglaryny iberdi
Özbegistan Türkmenistana tiz kömek ulaglaryny iberdi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy, şeýle hem ýakyn doganlyk gatnaşyklary esasynda birek-birege hormat goýmagyň alamaty hökmünde, iki dostlukly ýurduň arasynda kömek görnüşinde alyş-çalşygy geçirildi.


Şoňa laýyklykda, Özbegistan Türkmenistana 20 sany häzirki zaman «Volkswagen Caddy» tiz kömek ulagyny iberdi. Türkmenistandan bolsa Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gaz muzdsuz ugradyldy.


Şu mynasybetli Horezm sebitini Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty bilen birleşdirýän «Şawot» serhet gümrük postunda dabaraly çäreler geçirildi diýip, «Upl.uz» habar berýär.