Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ilçi Moskwada Polşanyň ilçisi bilen duşuşdy

18:4707.02.2023
0
23585

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Niýazliýew Polşa Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Kşiştofom Kraýewski bilen duşuşdy.

Söhbetdeşlikde diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdylar we halkara gyzyklanmalaryň gün tertibindäki meseleler barada durup geçdiler.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hormat goýmak, deň we özara peýdalydygy, ykdysadyýet, söwda, logistika, medeni we ynsanperwerlik ugurlar ýaly ösüş üçin uly mümkinçilige eýe bolandygy bellenildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşler Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň görnüşiniň ösmegine ýokary baha berdiler, şeýle aragatnaşygyň soňky döwürde has anyklaşandygyny we ähli gatnaşyjylaryň gyzyklanmalaryna laýyk gelýändigini bellediler.

Moskwadaky türkmen we polýak diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary iş gatnaşyklaryny mundan beýläk hem dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň