Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

21:1206.02.2023
0
31169

Şu gün, 6-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi hem-de şu mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň netijelerine serediljekdigini, özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň çäklerinde wezipeleriň kesgitlenjekdigini hem-de Gurama bilen işleri kämilleşdirmek babatda tekliplere garaljakdygyny belledi.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň, ýagny, «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» ýaly hödürnamalaryň girizilendigi barada habar berildi. Şeýle-de 2023-nji ýylda ÝUNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama hödürlendi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, şeýle hem ýurduň orta mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýyl Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Tähranda ýerleşýän sebitleýin edarasy bilen bilelikde halkara maslahaty geçirmek teklip edildi.

Mejlisde şeýle-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2023-nji ýyl üçin Hereketleriniň meýilnamasyna seredildi hem-de tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň