Ýakynda Mary welaýatynyň taryha baý ýerlerinden has irki döwürlere degişli diýlip çaklanylýan muzeý gymmatlygy bolan altyn teňňe ýüze çykaryldy. Bu gymmatlyk Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, gadymy Merw ýadygärlikleriniň çäginde ýüze çykarylan bu taryhy gymmatlyk diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä medeniýetiniň we taryhynyň genji-hazynasyna goşant bolan gymmatlykdyr. Munuň özi taryhy köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan Gadymy Merwde irki döwürlerde ylmyň, senetçiligiň, zergärçiligiň we söwda gatnaşyklarynyň ösendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Döwlet mähekleýiş edarasynyň hünärmenler toparynyň geçiren seljerme-delilnamasyna görä, ýüze çykarylan bu taryhy gymmatlyk sary reňkli, metal görnüşli altyndan bolup, onuň iki tarapynda-da ýazgylar bar.
Altyn teňňäniň agramy 4,25 grama barabar bolup, ol VII — X asyrlarda öndürilen diýlip çaklanylýar. Bu taryhy tapyndy Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň arheologiýa gymmatlyklaryny baýlaşdyryp, bu ýerde ozalky bar bolan gymmatlyklaryň üstüni ýetirdi.
Altyn teňňäniň muzeýe tabşyrylmagy mynasybetli, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bu gymmatlyk bilen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Onda muzeý işgärleri bu gymmatlygyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň türkmen halkynyň taryhyny ylmy esasda öwrenmekde, muzeýiň hazynasyny has-da baýlaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlykdygyny aýratyn bellediler.