Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Daşkent» seýilgähinde türkmen-özbek diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

23:2503.02.2023
0
50368

3-nji fewralda Aşgabadyň «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp, türkmen-özbek aýdym-sazly konserti we dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli guralan dabara Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Medeniýet, Bilim ministrlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle-de döredijilik, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary gatnaşdylar.

Dabaraly konserte Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Koçkarow hem gatnaşdy.

Dabaraly konsertiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň yzygiderli tagallalary netijesinde, iki goňşy we dostlukly hyzmatdaş ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki döwürde giň gerimli ugurlar, şol sanda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça depginli ösdürilýändigi aýratyn bellenildi. Soňky wagtlarda, esasan-da, medeni gatnaşyklaryň baý mazmuna eýe bolup, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylýandygy nygtaldy. Munuň üçin Prezidentler Serdar Berdimuhamedowa we Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de şeýle gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdüriljekdigine uly ynam bildirildi.

Soňra Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli konsert çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ilki bilen, «Ýaşasyn türkmen-özbek dostlugy» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.

Konsertiň dowamynda türkmen we özbek aýdymlary, şol sanda halk we häzirki zaman aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Konsert maksatnamasyna girizilen çykyşlar iki halkyň medeniýetindäki we sungatyndaky umumylyga we aýratynlyklara, olaryň milli özboluşlylygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

«Doganlaşan şäherler Aşgabat-Daşkent» atly aýdym we onuň bilen ugurdaşlykda tans toparynyň ýerine ýetiren çykyşy-da uly ruhubelentlik bilen garşylandy.

Konsertiň dowamynda meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň, Türkmenistanyň tans we folklor toparlarynyň hem-de sungat dünýäsine täze gadam basan zehinleriň ýerine ýetirmeginde dürli halklaryň aýdym-sazlary ýaňlandy.

Ýerine ýetirilen aýdym-sazly, tansly çykyşlarda parahatçylykda we dostlukda ýaşamak arzuwlary bilen birleşen iki halkyň örän baý we özboluşly däp-dessurlary şöhlelendirildi. Tansçylaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren çykyşlary, sazlaşykly hereketleri tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türkmen halkynyň meşhur «küştdepdi» tansy dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Konsert «Dost-doganlyk aýdymy» atly ajaýyp aýdym bilen jemlendi.

Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň