Soňky habarlar

Arhiw

IFFHS Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň nusgalyk düzümini paýlaşdy

14:1301.02.2023
0
27138

Futbol taryhynyň we statistikalarynyň halkara federasiýasynyň (IFFHS) resmi saýty Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ähli döwürler boýunça nusgalyk ýygyndysyny düzdi we ony köpçülik bilen paýlaşdy.

Nusgalyk düzümde karýerasyny häzirki wagtda dowam etdirýän futbolçylaryň ýekejesiniň hem ýokdugy göze ilýär.

Has takygy, düzüme Wiktor Kuroçkin, Wladimir Kuramşin, Wiktor Kuznesow, Baýram Durdyýew, Wýaçeslaw Wowk, Sergeý Agaşkow, Ýakup Orazsähedow, Gurban Berdiýew, Dmitriý Homuha, Waleriý Broşin we Röwşen Muhadow dagylar girizildi.

Düzüm 4-5-1 ulgamy boýunça düzüldi. Bu bolsa bir derwezeçiniň, dört goragçynyň, bäş ýarym goragçynyň we bir hüjümçiniň düzüme goşulandygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň