Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Dragon Oil» bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

10:3230.01.2023
0
27023

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň edara binasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oil» kompaniýasynyň wekilleri bilen «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada agentligiň resmi saýty habar berýär.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda deňiz ulag ulgamynda «Dragon Oil» kompaniýasy bilen eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda ýakyndan hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenilip geçilip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň deňiz ulag ulgamyny, milli deňiz söwda flotuny ösdürmeklige gönükdirilen iri taslamalar, öňde goýlan wezipeler, gurulmagy meýilleşdirilýän gämiler barada tanyşdyryldy.

«Dragon Oil» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň çäginde alnyp barylýan işleriniň deňiz ulaglarynyň hyzmatyndan giňden peýdalanýandygyny aýratyn bellemek bilen, şeýle-de Türkmenistanyň milli flotuny ösdürmeklige gönükdirilen taslamalaryň ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmeklige, ulag-üstaşyr logistika babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde wajyp orunlary eýelejekdigini göz öňünde tutup, gämi gurluşyk boýunça maýa goýumlaryny goýmaklyk barada kompaniýa teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändiklerini hem-de geljekde agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy üçin degişli işleriň geçiriljekdigi barada nygtap geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň