Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-i Tähranda Azerbaýjanyň ilçihanasyna hüjüm edilmegini ýazgarýar

18:0428.01.2023
0
49431

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen, Ilçihananyň goragyna degişli bolan bir işgäriniň ýogalmagyna we iki işgäriniň ýaralanmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgarýar.

Türkmenistan diplomatik wekilhanalara edilýän hüjümleriň we diplomatik edaralaryň işgärlerine garşy islendik zorlugyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtaýar diýip, DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi merhumyň garyndaşlaryna we dostlaryna çuňňur gynanç bildirýär, şeýle hem Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasynyň ýaralanan işgärleriniň tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň